mii.halkynsesi.media Open in urlscan Pro
92.204.221.135  Public Scan

URL: https://mii.halkynsesi.media/
Submission: On August 06 via automatic, source certstream-suspicious — Scanned from FR

Form analysis 0 forms found in the DOM

Text Content

Skip to content
 * Habarlar
 * Bilgi Ber

 * Habarlar
 * Bilgi Ber




MILLI ISTIHBARAT INSTITUTY (MII)

Ýurduň bölünmez bütewiligine, Konstitusion Gurluşyna, döwletiň müdimiligine,
garaşsyzlygyna, howpsuzlygyna we döwlet bütinligini döredýän ähli faktorlara
garşy içinden, daşyndan çykjak ýa-da çykyp biljek howplar barada maglumat
toplamak we aňtaw işlerini gizlin ýöretmek her bir döwlet üçin öňde gelýän wajyp
bir meseledir.

Milli Istihbarat Instituty Türkmenistanyň ilkinji döwlet we millet bähbitli
howpsuzlygy üpjün etmek maksady bilen Milli Halas Ediş Komitetiniň
ygtyýarlygynda döredilen gizlin gullukdyr. Milli Istihbarat Institutyndaky
“Milli” sözi dünýädäki ähli türkmenleri öz içine almak bilen bilelikde, olaryň
howpsuzlygyny üpjün etmäge gönükdirilendir. “Istihbarat” sözi elmydama habardar
bolmak sözüniň manysyny doly özünde jemleýär. “Institut” sözi hem öz gezeginde
Milli Istihbarat boýunça bilim taýdan we öwretmek babatynda ýörite iş alyp
barýan gurluş manysyny özüne obýetk edýär. Bu inistitut esasan-da Türkmen we
türki milletleri çuňňur öwrenip, ol jemgyýetlere özüne mahsus gurluşy sebäpli
günümizde abanyp biljek howplary öňünden orta çykarmak jogapkärçiligini özüne
maksat edindi.



Mundan öňki 
“ВЧК (Всероссийская чрезвычайная комиссия по борьбе с контрреволюцией и
саботажем при СНК РСФСР)”,
“ГПУ (Государственное политическое управление при НКВД РСФСР)”,
“НКВД (Государственное политическое управление при НКВД РСФСР)”,
“КГБ (Комитет государственной безопасности СССР)”,
“КНБ (Комитет Национальной Безопасности)” we
“MHM (Milli Howpsuzlyp Ministirligi)”
diýilen guramalaryň  bir-birine hroniki taýdan bagly bolup, esasy maksady Rus
imperiýasy sistemasyna gulluk etmek we halky gorky astynda tutmak maksady bilen
ýola goýulandygy ähli dünýä mälimdir. Sözi geçen 6 (alty) guramanyň atlary
başga-başga bolsa-da manysy we mazmuny birdir. Taryhda, Türkmen jemgyýetiniň
ykbalynda galdyran yzy aýylgançdyr we ganlydyr. Millitimiz bu ajy hakykat bilen
öňünde-soňunda ýüzleşmelidir



Ýokarda sözi edilen 6 guramanyň tersine, Milli Istihabarat Instituty (M II) öz
barlygyny belli etmän milletimize, döwletimize we dünýä Türkmenlerine abanjak
howplary öňünden duýmak, duýdurmak we gerekli halatlarda özbaşdak kararlary alyp
öz işlerini ýöredip biljekdir. Alyp barjak işleri Türkmenistanyň Konstitusion
Gurluşyna düýpli baglydyr, ýöne hukuklary Konstitusiýa we Täze Türkmenistanyň
kanunlar bilen çäklendirilen däldir.



©2023. MII Web saýty. Ähli haklary eldegirmesizdir.

Scroll to Top